TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI “MERKEZI AZIÝA – RUSSIÝA” SAMMITINE GATNAŞDY

2022-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda, günüň ikinji ýarymynda Astana şäherinde “Merkezi Aziýa – Russiýa” Sammiti geçirildi, onuň gün tertibine altytaraplaýyn görnüşde dostlukly gatnaşyklary we strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň geljegi bilen bagly meseleler girizildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döredijilikli daşary syýasy strategiýany durmuşa geçirýän Türkmenistanyň gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi bilen dostlugy we özara düşünişmegi pugtalandyrmaga, syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde we ynsanperwer ulgamlarda ysnyşykly hem-de özara bähbitli gatnaşyklaryň netijeli usullaryny ýola goýmaga saldamly goşant goşýandygyny bellemek gerek.

Ýurdumyzyň bu maksatlara ýetmek babatda alyp barýan ugry, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň arasyndaky netijeli gatnaşyklary  ösdürmäge gönükdirilen işi ygtybarly taryhy binýada, özara gatnaşyklaryň baý tejribesine esaslanýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň, Russiýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň şu günki duşuşygynyň esasynyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen şu ýylyň maý aýynda Aşgabatda ýokary derejede geçirilen  Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynda goýlandygyny bellemek möhümdir.

Öz çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň dünýä hem-de sebit gün tertibiniň esasy ugurlary boýunça ysnyşykly köpugurly hyzmatdaşlygynyň dowam etdirilýändigini alamatlandyrýar diýip belledi. Olaryň hatarynda döwletlerimiziň üstünlikli ösmeginiň, ykdysady we söwda gatnaşyklarynyň giňeldilmeginiň we çuňlaşdyrylmagynyň, durmuş hem-de ynsanperwer wezipeleri çözmegiň esasy şerti hökmünde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek  möhüm ähmiýete eýe bolýandygy barada nygtaldy.

Çykyşyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda bu geljegi uly formatyň ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen birnäçe möhüm teklipler we başlangyçlar bellenildi.

Duşuşygyň barşynda Russiýa Federasiýasynyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlarynyň möhüm meseleleri boýunça içgin hem-de gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Şunuň bilen birlikde, ozal gazanylan döwletara ylalaşyklarynyň ýerine ýetirilişine seljerme hem-de syn berildi, geljekki bilelikdäki işiň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.

Halklaryň arasyndaky gatnaşyklary ýokary derejede saklamak meselesi alty ýurduň arasyndaky gün tertibiniň möhüm ugury hökmünde bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, köp asyrlyk dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk, strategiki hyzmatdaşlyk we ýaranlyk gatnaşyklaryny saklamak we berkitmek üçin bilelikdäki tagallalaryň zerurlygy nygtaldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar täze formatyň Merkezi Aziýada özara gatnaşyklara itergi berjekdigi we gazanylan özara ylalaşyklar, Merkezi Aziýa döwletleri bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň binýadyny güýçlendirjekdigi barada biragyzdan ylalaşdylar.

Sammitiň jemleri boýunça döwlet Baştutanlarynyň Bilelikdäki Beýannamasy kabul edildi. Ol Ýewraziýa giňişliginde sebit hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini öz içine aldy. Bu möhüm resminamada şeýle hem syýasy we howpsuzlyk, söwda-ykdysady ulgamlarda, medeni-ynsanperwer ugry boýunça mundan beýläkki gatnaşyklaryň geljegi beýan edildi.

Habarlary yzarlaň

Doly ady

E-poçta