TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ KATARDA BIRNÄÇE IKITARAPLAÝYN DUŞUŞYKLARY GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Katar Döwletine saparynyň çäklerinde Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň Baş Sekretary Ahmed bin Hassan Al Hammadi bilen duşuşygy geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar syýasy-diplomatiki ugry boýunça ikitaraplaýyn gün tertibiniň birnäçe meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň DIM-leriniň arasynda syýasy geňeşmeleriň geçirilmeginiň ähmiýeti barada bellenildi.

Söwda-ykdysady, maýa goýum we ulag ulgamlarynda gatnaşyklary pugtalandyrmak bilen bagly meselelere seredildi. Diplomatlar şeýle hem medeni-ynsanperwer ugry boýunça gatnaşyklaryň giňeldilmegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şol gün türkmen wekiliýetiniň Katar Döwletiniň Milli bankynyň hem-de Ösüş gaznasynyň ýolbaşçy wekilleri bilen duşuşyklary geçirildi.

Bu duşuşyklaryň dowamynda söwda, maliýe we bank ulgamlarynda iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de bu ugurlarda gatnaşyklary has hem ösdürmek üçin anyk ädimler kesgitlenildi. Maýa goýum hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek boýunça taraplaryň gyzyklanmasy beýan edildi.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň Katar Döwletiniň Milli Olimpiýa Komitetiniň Prezidenti Şeýh Joaan bin Hamad Al Tani bilen gepleşikleri geçirildi. Onuň dowamynda sport ulgamyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi, hususan-da iki ýurduň Milli Olimpiýa komitetleriniň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak meselesine seredildi.

Habarlary yzarlaň

Doly ady

E-poçta