TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI PUSAN ŞÄHERINIŇ HÄKIMI BILEN DUŞUŞDY

Şu gün, 2022-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda «Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy» Hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Pusan şäheriniň häkimi Pak Heong-Jun bilen duşuşyk geçirdi.

Gepleşigiň dowamynda Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy 2008-nji ýylda Türkmenistanyň ozalky Prezidenti, häzir bolsa Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet saparynyň dowamynda bu ýurduň ululygy boýunça ikinji we deňiz portunyň göwrümi boýunça bäşinji şäheri bolup durýan Pusan şäherine gelendigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda portlary dolandyrmak ugry boýunça iki ýurduň bilermenleriniň arasynda tejribe alyşmak üçin  Türkmenbaşynyň we Pusan şäheriniň Halkara deňiz portlarynyň arasynda geljekki hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini öwrenmeklik teklip edildi.

Gepleşikleriň dowamynda maglumat we sanly tehnologiýalar, ulag we aragatnaşyk, suw we tokaý hojalygy pudaklarynda hyzmatdaşlygy ilerletmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Binagärlik we şäher gurluşygy ugurlarynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçilikeleri boýunça pikir alşyldy.

Duşuşygyň barşynda geljekde Türkmenbaşy we Pusan şäherleriniň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hakynda Ylalaşyga gol çekmegiň mümkinçiliklerine seretmek teklibi beýan edildi. Munuň bolsa, Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň we ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşant goşmaga ýardam tjekdigi nygtaldy.

Habarlary yzarlaň

Doly ady

E-poçta