TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI «MERKEZI AZIÝA - KOREÝA RESPUBLIKASY» 15-NJI HYZMATDAŞLYK FORUMYNA GATNAŞDY

2022-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Koreýa Respublikasynyň Pusan şäherinde «Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy» Hyzmatdaşlyk forumynynyň 15-nji mejlisi geçirildi we oňa Koreýa Respublikasynyň hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýokary wezipeli wekilleri, şol sanda Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrleri gatnaşdylar.

Forumyň dowamynda Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministri Pak Jin Merkezi Aziýa ýurtlarynyň dürli ugurlar, şol sanda energetika we infrastruktura ugurlary boýunça möhüm hyzmatdaşlary bolup durýandygyny belledi. Ol şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekilleriniň Pusanyň
EXPO 2030 sergisiniň geçiriljek şäheri hukugyny almak boýunça talapnamasyny goldamaklaryny haýyş etdi.

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Raşid Meredow öz çykyşynda Merkezi Aziýanyň we Koreýa Respublikasynyň uzakmöhletli ählumumy parahatçylygyň we durnuklylygyň saklanylmagy ugrunda tagallalarynyň birleşdirilmeginiň şu günümiziň esasy wezipeleriniň biri bolup durýandygyny belledi. Bu şertlerde, Meredow, biziň ýurtlarymyzyň arasynda syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň ornunyň artýandygyny, ikitaraplaýyn  gyzyklanma bilirilýän meseleler boýunça yzygiderli we açyk pikir alyşmalaryň ýola goýulýandygyny nygtady.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy ylym ulgamynda, şol sanda telekommunikasiýalar we kosmos ulgamlarynda, suwuň süýjedilmekligi boýunça bilelikdäki hereketler üçin geljekki uly mümkinçilikleri barada aýdyp geçdi.

Forumyň dowamynda gatnaşyjy-ýurtlaryň diplomatlary we bilermenleri energetika, sanly tehnologiýalar, ykdysady howpsuzlyk, syýahatçylyk we saglygy goraýyş pudaklarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Gatnaşyjylar Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň we bu formatyň döredilmeginiň 15 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda bu forumyň aýratyn ähmiýetiniň bardygyny bellediler.

Duşuşygyň netijeleri boýunça Daşary işler ministrleriň Beýannamasy we 2023-nji ýyl üçin «Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy» Hyzmatdaşlyk forumynynyň Sekretariatynyň Iş Meýilnamasy kabul edildi.

Habarlary yzarlaň

Doly ady

E-poçta