TÜRKMENISTAN BILEN BMG-NYŇ GURLUŞLARYNYŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYK MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2022-nji ýylyň 3-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-nyň sebit agentlikleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşygy gibrid görnüşde geçirildi.

Duşuşyga Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatlaryny Utgaşdyryş Müdirliginiň (UNDCO) Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça Sebit direktory G. Ýop-Son, BMG-nyň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýa merkeziniň başlygy N. German, ÝUNESKO Klasteriniň  Tährandaky edara müdiri G. El Hury, BMG-nyň Adam hukuklary boýunça Ýokary Komisarlygynyň Sebit wekili R.Komenda, BMG-nyň Bosgunlaryň işleri boýunça Ýokary Komisarlygynyň Merkezi Aziýa boýunça Sebit wekili H. Fridrih Şodder, Birleşen Milletler Guramasynyň Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça Ýewropa sebiti boýunça wekili A.Muhidow, BMG-nyň Türkmenistandaky Hemişelik Utgaşdyryjysy D Şlapaçenko we BMG-nyň Türkmenistandaky şu bölümleriniň: BMGÖM, UNODC, UNFPA, ÝUNISEF we BSGG ýolbaşçylary gatnaşdylar.

 Duşuşykda taraplar Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlygy bilen baglanyşykly köp sanly meseläni ara alyp maslahatlaşdylar.

R.Meredow öz çykyşynda BMG-nyň Türkmenistanyň strategiki hyzmatdaşydygyny we bu nukdaýnazardan Türkmenistan hökümetiniň hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge isleginiň bardygyny we taýýardygyny aýtdy.

Häzirki wagtda türkmen tarapy, ýokarda agzalan we BMG-nyň beýleki ýöriteleşdirilen gurluşlary hem-de agentlikleri bilen 50-den gowrak sebit we ýurt taslamalaryny durmuşa geçirýär, durnukly ösüş, sanly ulgam, ynsanperwerlik ýörelgesi, şol sanda adam hukuklary, bosgunlar we raýatlygy bolmadyk adamlar, howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmek, daşky gurşawy goramak, şeýle hem parnik gazynyň we metanyň zyňyndylaryny azaltmak maksady, bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda ýokanç däl kesellere garşy göreş we saglyk başlangyçlary ýaly iň oňat tejribeleri ulanyp we  olary durmuşa geçirýär.

Işjeň hyzmatdaşlygyň adaty ýollaryny belläp, türkmen tarapy BMG-nyň guramalaryna hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny açmak mümkinçiligini göz öňünde tutmagy we bu ugurda anyk taslamalar boýunça tekliplerini bermegi sorady.

BMG-nyň edaralarynyň we bölümleriniň ýolbaşçylary öz çykyşlarynda Türkmenistan hökümeti bilen alnyp barylýan bilelikdäki işler barada habar berdiler, türkmen tarapynyň täze özara gatnaşyklary gözlemek baradaky tekliplerini goldadylar we bu ugurda pikirlerini we tekliplerini paýlaşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar BMG-nyň ýöriteleşdirilen maksatnamalarynyň Türkmenistanda we Merkezi Aziýa sebitinde işjeňligini güýçlendirmek barada ylalaşdylar.

Habarlary yzarlaň

Doly ady

E-poçta