TÜRKMENISTANYŇ DIM-INDE TÜRKMEN-AMERIKAN HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2022-nji ýylyň 7-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Daşary işler ministrliginde ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa gatnaşyklary boýunça kömekçisi Donald Lunyň baştutanlygyndaky wekiliýeti bilen duşuşdy.

Taraplar türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň köp sanly meselelerine garadylar, şeýle hem halkara we sebit temalaryna, şol sanda owgan meselesine-de seredip geçdiler.

Gepleşikleriň dowamynda aç-açanlyk, birek-birege hormat goýmak we düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan ýurtlaryň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň işjeň we depginli ösýändigi bellenildi.

Diplomatlar "Merkezi Aziýa - ABŞ" (C5+1) görnüşindäki hyzmatdaşlygyň netijeliligini ara alyp maslahatlaşdylar we dowam edýän türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleriniň netijeliligini bellediler.

Söwda we ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin taraplaryň özara ygrarlylygy tassyklandy. Şol bir wagtyň özünde, taraplar Türkmen-Amerikan Işewürler Geňeşiniň işini güýçlendirmegiň möhümdigini bellediler.

Ylym, bilim, saglygy goraýyş we medeniýet ugurlaryndaky bilelikdäki işler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň iň möhüm ugry hökmünde kesgitlenildi, bu ugurlar boýunça birnäçe maksatnamalar we taslamalar durmuşa geçirilýär.

Howanyň üýtgemegi we metanyň zyňyndylaryny azaltmak ýaly ekologiýa meselelerine-de üns berildi.

Taraplar saglygy goraýyş we lukmançylyk ylymlary babatynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň bar bolan kuwwatyny bellediler.

Gepleşikler tamamlanandan soň, Türkmenistan hökümeti bilen ABŞ-nyň hökümetiniň arasynda saglygy goraýyş we lukmançylyk ylymlary pudagyndaky hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakyndaky Memoranduma gol çekildi.

Habarlary yzarlaň

Doly ady

E-poçta