TÜRKMENISTANDA KOREÝ MEDENIÝETINIŇ GÜNLERI BADALGA ALDY

Koreý kinosynyň festiwalynyň açylmagy bilen, 2022-nji ýylyň 9-njy noýabrynda ýurdumyzda Koreý medeniýetiniň günleri badalga aldy. Bu çäre iki dostlukly ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň şu ýyl bellenilýän 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýär.

Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sung-Çul Şin şanly waka mynasybetli dabaradaky çykyşynda iki dostlukly halkyň arasynda ynanyşmagy we özara düşünişmegi pugtalandyrmaga gönükdirilen bu giň gerimli medeni çäräniň ähmiýetini aýratyn nygtady.

Koreý kinosynyň festiwalynyň eýýäm başlan gününde tomaşaçylaryň sanynyň örän köp bolandygyny bellemek gerek. Olaryň hatarynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň koreý dilini öwrenýän talyplary, koreý halkynyň gündelik durmuşy bilen gyzyklanýan paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary bar.

Şeýle-de Koreý medeniýetiniň günleriniň çäklerinde 11-nji noýabrda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda koreý milli aşhanasynyň meşhur tagamlarynyň tanyşdyrylyşy, “Hanbok” milli lybasynyň görkezilişi, soňra bolsa Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň hem-de “Gugak” koreý kwartetiniň bilelikdäki konserti bolar. Bu kwartetiň sazandalary öz çykyşlarynda sazyň birnäçe ugurlaryny utgaşdyrýarlar.

Dostlukly halkyň häzirki zaman sazy we kinematografiýasy, özboluşly däp-dessurlary bilen tanyşdyrýan Koreý medeniýetiniň günleri birek-biregiň medeni mirasyny öwrenmäge özara gyzyklanma bildirilýändigini, döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigini ýene-de bir gezek tassyklady.

Habarlary yzarlaň

Doly ady

E-poçta