TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYGY

2022-nji ýylyň 11-nji noýabrynda Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy.

Gahryman Arkadagymyz we türk Lideri mähirli salamlaşyp, birek-biregi Türki dünýäsiniň ýokary ordeni bilen sylaglanylmagy bilen gutladylar. Munuň özi täze taryhy eýýamda türki dilli halklaryň arasyndaky köpasyrlyk dostluk däpleriniň ösdürilmegine aýratyn goşandyň ykrarnamasyna öwrüldi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň salamyny ýetirip, 2021-nji ýylda Türkiýäniň Stambul şäherinde geçirilen sammitiň ähmiýetini aýratyn nygtady. Onda Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasyna synçy hökmünde goşulmagy baradaky çözgüt kabul edildi. Bellenilişi ýaly, bu taryhy waka möhüm ädime öwrüldi. 

Çünki ýurdumyzyň Türki Döwletleriň Guramasyna şu formatda gatnaşmagy syýasy-diplomatik häsiýete eýedir hem-de doganlyk türki dilli halklar bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Söhbetdeşler Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar baradaky meselä degip geçip, häzirki wagtda hyzmatdaşlygyň dost-doganlyk däpleri esasynda işjeň ösdürilýändigini bellediler.

Şunuň bilen baglylykda, hormat goýmak, ynanyşmak, birek-biregi goldamak ýörelgeleri esasynda guralýan özara bähbitli türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini üpjün etmek, ony mundan beýläk-de giňeltmek we pugtalandyrmak üçin ähli mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy iki ýurduň arasynda parlament gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň wajypdygyna aýratyn ünsi çekdi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de ilerletmäge gönükdirilen başlangyçlary goldamaga, olary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga taýýardygyny tassyklap, Prezident Rejep Taýyp Ärdogana berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri, doganlyk türk halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.

Habarlary yzarlaň

Doly ady

E-poçta