TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ MERKEZI AZIÝA WE ÝB-NIŇ ARASYNDAKY ÖZARABAGLANYŞYK BOÝUNÇA MASLAHATYNA GATNAŞDY
2022-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Samarkand şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi Aziýa we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky özarabaglanyşyk boýunça: Durnukly ösüş üçin ählumumy derweze atly maslahatyna gatnaşdy. Onda şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň hökümet wekiliýetleri hem-de ýewropaly syýasy we maliýe institutlarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatyň maksady 2021-nji ýylyň 1-nji dekabrynda işe girizilen Global Gateway ýewropa strategiýasyna hem-de Merkezi Aziýa boýunça Team Europe hyzmatdaşlyk boýunça başlangyçlara laýyklykda durnukly gatnaşyklary gazanmak üçin sebitara we içerki gepleşikleriň ösüşi bolup durýar.
Maslahatyň dowamynda durnukly özarabaglanyşyk, sanlylaşdyrmak, ulag ýollarynyň berkidilmegi, suw-energetiki we ekologiki howpsuzlyk ýaly ulgamlarda sebitara gatnaşyklarynyň çuňlaşdyrylmagy we giňeldilmegi üçin mümkinçilikleri döretmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Wekiliýetleriň arasynda ýeýle hem ulag ugurlarynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagy, sanlylaşdyrylmagy hem-de ýaşyl energetikanyň ösdürilmegi ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň wajyp meseleleri maslahatlaşyldy.
Soňra maslahatyň işi 3 sany tematiki sessiýalarda dowam etdirildi we olarda bilermenler Merkezi Aziýa bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda özarabaglanyşygy berkitmegiň ýollary we mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşyldy.
W.Hajiýew öz çykyşynda Türkmenistanda sanly ulgamyň ösüş syýasytynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi.
Türkmen tarapy sebitde söwdanyň we üstaşyryň ýeňilleşdirilmegi we ýokarlandyrylmagy, sebitde suw çeşmelerinden peýdalanmak üçin sanlylaşdyrmak boýunça taslamalaryň, hem-de sanly ulgamda adam mümkinçilikleriniň artdyrylmagy, şol sanda kiberhowpsuzlyk boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň uly mümkinçilikleriniň bardygyny nygtady.
Şunuň bilen birlikde, “ÝB-Merkezi Aziýa” özarabaglanyşyk boýunça maslahatyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy W.Hajiýew Ýewropa Komissiýasynyň Wise-prezidenti, Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili Josep Borrel bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn we sebit hyzmatdaşlygyň wajyplygy hem-de sebitlerimiz üçin peýdanyň artdyrylmagy maksady bilen ýaşyl we sanly gün tertibiniň girizilmeginiň ähmiýeti ara alnyp maslahatlaşyldy.