TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINIŇ WISE-PREZIDENTI, PREMÝER-MINISTRI BILEN DUŞUŞDY

Şol günüň özünde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerine resmi saparynyň çäklerinde Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministri, goranmak ministri, Dubaý emirliginiň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktum bilen duşuşdy.

Döwlet Baştutanymyz mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, BAE-niň wise-prezidentine, Premýer-ministrine Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň salamyny ýetirdi.

Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktum belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, Türkmenistanyň Baştutanynyň şu saparyna öz ýurdunda iki doganlyk halkyň dostlugyny pugtalandyrmagyň ýolundaky möhüm ädim, döwletara gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypa hökmünde baha berilýändigini nygtady.

Duşuşygyň dowamynda özara hormat goýmak, birek-birege goldaw bermek ýörelgelerinde ýola goýulýan döwletara gatnaşyklary has-da pugtalandyrmagyň geljegi, şeýle-de birnäçe halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alşyldy. 

Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler netijeli hyzmatdaşlygyň ýagdaýyny we ony ösdürmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşyp, däp bolan hyzmatdaşlygy onuň ägirt uly kuwwatyna laýyk gelýän hil taýdan täze derejä çykarmagy maksat edinýändiklerini aýtdylar. Hususan-da, BAE-niň Dubaý şäherinde türkmen halylarynyň söwdasyna ýöriteleşdirilen dükanyň açylmagyna üns çekildi. 

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, telekeçileriň arasynda hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy iki ýurduň söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ösdürilmegi ugrunda ädilen ýene-de bir möhüm ädimdir. Şu babatda häzirki saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Söwda-senagat edaralary federasiýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça işewürlik maslahatynyň geçiriljekdigi nygtaldy.

Şeýle-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklara, ylym, bilim, medeniýet, sungat ýaly möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagyna uly ähmiýet berilýär.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktum Türkmenistanyň we BAE-niň arasynda ýola goýlan doganlyk gatnaşyklarynyň ýokary derejededigini hem-de olary mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge taýýardyklaryny ýene-de bir gezek belläp, däp bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyryljakdygyna, täze mazmun bilen baýlaşdyrylyp, özara bähbitlilik, uzak möhletleýinlik esasynda ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Habarlary yzarlaň

Doly ady

E-poçta