AŞGABATDA ÝAŞYL WE WODOROD ENERGETIKASY HEM-DE METANYŇ ZYŇYNDYLARY UGURLARY BOÝUNÇA TÜRKMENISTANYŇ WE ÝB-NIŇ BILELIKDÄKI MASLAHATY GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 22-23-nji noýabrynda Aşgabatda “Ýaşyl energetika we ÝB-niň wodorodyň ulanylmagy we metanyň zyňyndylarynyň azaldylmagy boýunça strategiýasy” temasy bilen Ýewropa Bileleşiginiň we Türkmenistanyň bilelikdäki maslahaty geçirildi.
Gibrid görnüşinde maslahaty Türkmenistanyň energetika ministri we ÝB-niň Türkmenistandaky Ilçisi Diego Ruiz Alonso açdylar.
Kadri Simson, Ýewropa Komissiýasynyň energetika boýunça komissarynyň we Klara de la Torre, Ýewropa Komissiýasynyň howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça Baş direktorynyň ýerine ýetirijisiniň wideo çykyşlary görkezildi. Maslahata Türkmenistanyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň ýaşyl energetika, wodorod energetikasy we metanyň zyňyndylary ugrundaky alymlary we bilermenleri gatnaşdylar.
Şeýle hem Halkara energetiki agentliginiň, Ýewropa dikeldiş we ösüş bankynyň, Metan boýunça ählumumy başlangyjynyň, Hydrogen Europe kompaniýasynyň wekilleri, Germaniýanyň Türkmenistandaky Ilçisi, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, “Türkmengaz” döwlet konserniniň ýanyndaky Tebigy gaz boýunça ylmy-barlag institutynyň, Ý.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň wekilleri çykyş etdiler.
ÝB-niň wekilleri öz çykyşlarynda gaýtadan dikeldilýän energetika we onuň ösüş mümkinçilikleri ugrunda syýasatynyň esasy ugurlaryny açyp görkezdiler, gaýtadan dikeldilýän energetika pudagy we gaýtadan dikeldilýän energetika çeşmelerini girizmek boýunça halkara we sebit hyzmatdaşlygyndaky tejribeleri bilen paýlaşdylar. Olar ÝB-niň wodorodyň ulanylmagy we metanyň zyňyndylarynyň azaldylmagy boýunça strategiýasy bilen tanyşdyrdylar we Türkmenistany degişli halkara başlangyjyna goşulmaga çagyrdylar.
Türkmenistanyň bilermenleri ýurdumyzda gaýtadan dikeldilýän energetikanyň ulanylýandygyny mälim etdiler we 2022-2023-nji ýyllar üçin wodorod energetikasy ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyň ýol kartasyny hem-de Türkmenistanda ýokary öndürijilikli eksporta gönükdirilen wodorod energetikasy pudagynyň döredilýändigi barada aýtdylar. Mundan başga-da ekologiki taýdan howpsuz döwrebap çeşme goraýjy tehnologiýalaryň, hususan-da nebit-gaz, energetika we ulag ulgamlarynda ulanylmagy barada gürrüň edildi.
Maslahatyň dowamynda ÝB bilen Türkmenistanyň wekilleri tejribe alyşdylar we gaýtadan dikeldilýän energetika, gaýtadan dikeldilýän wodorodyň peýdalanylmagy we metan zyňyndylarynyň azaldylmagy ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri barada maslahat etdiler. Taraplar özara gyzyklanmalary öňe sürmek arkaly hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ygrarlydyklaryny tassykladylar.
Taraplarbaýtadan dikeldilýän energetika bilen bagly meseleleriň giň toplumyny, hususan-da bu ugurda kanunlaryň işlenip düzülmegi, gaýtadan dikeldilýän energetika maýa goýumlary çekmek we bu ugurdaky innowasion tehnologiýalary hem-de wodorodyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
ÝB we Türkmenistan hyzmatdaşlygyň anyk ýollaryny kesgitlemek maksady bilen esasy temalar boýunça gepleşikleri dowam etdirmegi ylalaşdylar.