TÜRKMENISTANYŇ WE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ DUŞUŞYGY

Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Ö.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Russiýa Federasiýasyna iki günlük sapary amala aşyrýar.

2022-nji ýylyň 6-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Ö.Meredowyň Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.W.Lawrow bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygy açmak bilen, rus daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy özara hormat goýmak, deňhukuklylyk we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda ösýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dostlukly, depginli we yzygiderli häsiýetlerini nygtady. “Türkmenistan biziň ýakyn dostumyz, strategik hyzmatdaşymyzdyr. Russiýa sebit we halkara işlerinde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyna uly üns berýär. Diňe şu ýylyň özünde 5 sany duşuşyk geçiren iki ýurduň Prezidentleri gatnaşyklarymyza aýratyn ähmiýet berýär” - diýip S.W.Lawrow belledi.

Ol şeýle hem ikitaraplaýyn parlamentara hyzmatdaşlygyň, döwletara gatnaşyklaryň ilerledilmeginde oňyn goşant goşýan Russiýa bilen Türkmenistanyň sebit hyzmatdaşlygynyň möhümdigini nygtap geçdi.

Öz gezeginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri bu gepleşikleriň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň berkidilmeginde möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi hem-de hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösüşiniň esasy görkezijisi – ýokary derejedäki duşuşyklar dogrusynda aýratyn belledi.

Türkmen daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny, şol sanda energetika, howpsuzlyk, durnukly ulag, ekologiýa we beýleki ulgamlarda tekliplerini hemişe goldaýandygy üçin Russiýa minnetdarlygyny bildirdi.

Söhbetdeşler daşary syýasat giňişliginde hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini, hususan-da sebit we ählumumy durnuklylygy saklamak, Hazar we Aral meselelerinde hyzmatdaşlyk, täze wehimlere we howplara bilelikde garşy göreşmek meselelerini ara alyp malshatlaşdylar. Türkmenistan bilen Russiýanyň halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň, GDA-nyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy barada nygtaldy.

Soňky ýyllarda anyk we ähmiýetli depgine eýe bolan iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk meseleleri gepleşiklerde aýratyn orun aldy.

Gepleşikleriň dowamynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň giňeldilmegine hem üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, S.W.Lawrow Türkmenistanyň rus diline we medeniýetine eserdeň gatnaşygyna ýokary baha berdiler. Bu ugurda Aşgabatda Puşkin adyndaky rus drama teatrynyň gurluşygy we rus-türkmen uniwersitetiniň döredilmegi hakyndaky döwlet derejesinde kabul edilen çözgüt barada minnetdarlyk bilen bellenildi.

Taraplar iki ýurduň esasy bähbitlerine laýyk gelýän, sebit we ählumumy möçberde parahatçylygy, durnuklylygy we ösüşi üpjün etmäge ýardam edýän strategik hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem ösdürilmegine berk ygrarlydyklaryny tassykladylar,

Gepleşikleriň netijeleri boýunça Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2023-2024-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekildi.

Habarlary yzarlaň

Doly ady

E-poçta