TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNYŇ MILLI MEJLISINIŇ BAŞLYGYNY KABUL ETDI

2022-nji ýylyň 7-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz ýurdunyň parlament wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, sapar bilen Türkmenistana gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowany kabul etdi.

Myhman ikiçäk duşuşykda döwletara hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Prezident Ilham Aliýewiň mähirli salamyny hem-de öz kärdeşine we ähli türkmen halkyna tüýs ýürekden bagtyýarlyk, parahatçylyk, abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. 

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň parlamentiniň ýolbaşçysyny mübärekläp, dostlukly ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de şu saparyň çäklerindäki duşuşyklaryň, gepleşikleriň biziň doganlyk döwletlerimiziň arasynda parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak işine ýardam etjekdigine ynam bildirdi. 

Duşuşygyň barşynda halkara syýasatyň we sebitara gatnaşyklaryň meseleleri, hususan-da, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek bilen baglanyşykly meseleler boýunça iki döwletiň garaýyşlarynyň ýakyndygy we meňzeşdigi kanagatlanma bilen nygtaldy. 

Biziň ýurtlarymyz diňe bir ikitaraplaýyn esasda hyzmatdaşlyk etmek bilen çäklenmän, eýsem, BMG, Türki Döwletleriň Guramasy, GDA, ÝHHG, Goşulyşmazlyk Hereketi ýaly abraýly guramalaryň çäklerinde hem gatnaşyk edýärler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow häzirki wagtda Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň ägirt uly serişdeler, ykdysady, ulag-logistika kuwwatyna eýedigini nygtady. Olardan netijeli peýdalanmak diňe bir iki ýurduň halklarynyň däl, eýsem, sebitiň bähbitlerine-de laýyk gelýär. 

 Köpugurly hyzmatdaşlygyň çäklerinde parlamentara gatnaşyklara möhüm ähmiýet berilýär. Şol gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygyň üstüni ýetirmelidir, olaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmalydyr we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmalydyr.

Şu gezekki parlament wekiliýetiniň düzümine türkmen-azerbaýjan dostluk toparynyň ähli agzalarynyň diýen ýaly goşulandygy bellärliklidir.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurduň Milli Mejlisiniň Başlygynyň şu saparyna türkmen-azerbaýjan parlamentara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň ýolunda möhüm ädim hökmünde baha berýändigini nygtap, duşuşygyň ahyrynda Sahiba Gafarowa berk jan saglyk, bagt, jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri, Azerbaýjan Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

Habarlary yzarlaň

Doly ady

E-poçta