TÜRKMENISTANDA SIERRA-LEONE RESPUBLIKASYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI IŞE BAŞLADY

2022-nji ýylyň 7-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Sierra-Leone Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Tähran şäheri) Alie Badara Kamaradan ynanç hatyny kabul etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň adyndan milli parlamentiň ýolbaşçysy myhmany jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady we oňa iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda uly üstünlikleri arzuw etdi.

Diplomat türkmen topragynda mähirli garşylanandygy üçin hoşallyk bildirip, öz ýurdunyň ýolbaşçylarynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa iň gowy arzuwlaryny beýan etdi we ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam etmäge taýýardygyny tassyklady.

Söhbetdeşligiň barşynda diplomata Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary barada jikme-jik gürrüň berildi. Giň halkara hyzmatdaşlyk, şol sanda Afrikanyň döwletleri bilen gatnaşyklary ösdürmek şol syýasatyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. 

Parlamentara gatnaşyklar, şol sanda halkara meýdançalarda — abraýly guramalaryň we düzümleriň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça pikir alşyldy. Ilçä Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň kanun çykaryjylyk işi barada giňişleýin gürrüň berildi.

Şeýle hem söwda-ykdysady we işewür gatnaşyklaryň derejesinde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary işjeňleşdirmek, ylym-bilim, sport, syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Sierra-Leone Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Alie Badara Kamara iki ýurduň we dostlukly halklaryň bähbitlerine doly laýyk gelýän netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Günüň birinji ýarymynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde hem Sierra-Leone Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Tähran şäheri) Alie Badara Kamara bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda Sierra-Leone Respublikasynyň Ilçisi öz ynanç hatlarynyň nusgasyny gowşurdy. Soňra taraplar iki ýurduň arasynda dostlukly gatnaşyklary hem-de syýasy, söwda-ykdysady we medeni ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek babatynda pikir alyşdylar.

Habarlary yzarlaň

Doly ady

E-poçta