DAŞARY ÝURTLARYŇ WEZIPÄ TÄZE BELLENEN ILÇILERINDEN YNANÇ HATLARY KABUL EDILDI

2022-nji ýylyň 9-njy dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Wengriýanyň, Latwiýa Respublikasynyň, Gresiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçilerinden ynanç hatlaryny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan Ilçileri ýurdumyzda diplomatik işine girişmegi bilen gutlap, dostlukly gatnaşyklary we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Diplomatlar mähirli kabul edendikleri üçin hoşallyklaryny beýan edip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we ähli türkmen halkyna ýetip gelýän Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli öz döwletleriniň ýolbaşçylarynyň gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdiler hem-de sebitiň parahatçylyk dörediji merkezi hökmünde ykrar edilen, ählumumy bähbitlere netijeli dialogy ýola goýmaga ýardam berýän Türkmenistanda öz ýurtlaryna wekilçilik etmegiň olaryň her biri üçin uly hormatdygyny nygtadylar.

Duşuşyklaryň dowamynda Ilçiler Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Giň halkara hyzmatdaşlyk, şol sanda Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek şol syýasatyň ileri tutulýan ugrudyr.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda innowasion esasda milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, döwrebap infrastrukturalary döretmäge, türkmenistanlylaryň rowaçlygyny we ýaşaýyş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň amala aşyrylyşyna aýratyn üns çekildi.

Pikir alyşmalaryň dowamynda Ilçiler ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşlerde, şol sanda parlamentara gatnaşyklaryň, iri halkara guramalaryň we düzümleriň ugry boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine ýokary baha berdiler. Diplomatlaryň belleýşi ýaly, olaryň ýurtlary parahatçylygyň, howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna, sebitde we dünýäde durnukly ösüşiň gazanylmagyna saldamly goşant goşýan Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatyny goldaýarlar.

Ilçiler Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň bar bolan kuwwaty barada aýtmak bilen, söwda-ykdysady, ylym we bilim ulgamlarynda, döwletara gatnaşyklary, şeýle hem dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýän medeni dialogy işjeňleşdirmegiň möhümdigini bellediler.

Şunuň bilen baglylykda, diplomatlar öz ýurtlarynyň Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.

Habarlary yzarlaň

Doly ady

E-poçta