BÄŞINJI MERKEZI AZIÝA BILERMENLER FORUMY

2022-nji ýylyň 10-njy dekabrynda paýtagtymyzda “Merkezi Aziýa sebitinde howanyň üýtgemegi, suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary bilen baglanyşykly meseleler boýunça sebitleýin hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary” ady bilen, bäşinji Merkezi Aziýa bilermenler maslahaty geçirildi. 

Forumy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň goldaw bermeginde gurady.

Forumyň baş maksady Merkezi Aziýa ýurtlarynyň öňdebaryjy bilermenleriniň sebitleýin hyzmatdaşlygy üpjün etmekde möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmaklaryny, sebitiň döwletleriniň hökümetleri üçin ylalaşykly ugurlar boýunça umumy wajyp çemeleşmeleri, anyk teklipleridir başlangyçlary işläp taýýarlamaklaryny gazanmakdan ybarat boldy.

Bu gezekki duşuşyga Merkezi Aziýa döwletleriniň strategik barlag institutlarynyň ýolbaşçylary, bilermenleri, diplomatik wekilhanalaryň, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň professor-mugallymlary, talyplary hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. 

Forumyň maksatnamasy “BMG-niň howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyny ýerine ýetirmegiň çäginde Merkezi Aziýada hyzmatdaşlyk, Aral deňziniň basseýni boýunça suw hyzmatdaşlygy”, “Merkezi Aziýa sebitinde azyk howpsuzlygyny üpjün etmegiň meseleleri” we “Maglumat-kommunikasiýalar ulgamynda howpsuzlygy üpjün etmegiň meseleleri” mowzuklary boýunça üç sessiýany öz içine aldy.

Duşuşygyň dowamynda howanyň üýtgemeginiň täsirini peseltmek we şu maksat bilen durmuşa geçirilýän işlere halkara maliýe düzümleriniň, şol sanda BMG-niň Ýaşyl klimat gaznasynyň goşulmagynyň mümkinçilikleri üçin Merkezi Aziýa ýurtlarynda amala aşyrylýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şunda emele gelen ýagdaýa baha bermegiň, sebitleýin ösüşiň hem-de döwletara gatnaşyklaryň meýilleriniň möhüm meselelerini jikme-jik we anyk öwrenmegiň esasynda, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny kesgitlemegiň wajypdygy nygtaldy. Bu işleriň barşynda gazanylan anyk netijeler Merkezi Aziýa sebitiniň howpsuz we durnukly ösüş ýoluna düşmegini şertlendirer.

Milli we sebitleýin derejede kiberhowpsuzlygyň, şeýle hem maglumat howpsuzlygynyň üpjün edilmegine toplumlaýyn çemeleşmeleriň zerurdygy barada aýdylyp, häzirki döwürde sebitiň ähli ýurtlarynyň sanly jemgyýetiň ösdürilmegine, şeýle hem kiber wehimlere garşy durmak meselelerine gönükdirilen milli strategik we hukuk resminamalaryny taýýarlaýandyklary bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar forumyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, maslahatyň häzirki zamanyň möhüm meselelerini çözmekde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdiler.

Habarlary yzarlaň

Doly ady

E-poçta