TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE TÜRKI DÖWLETLERIŇ GURAMASY BILEN HYZMATDAŞLYGY ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2022-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 27 ýyllygyna bagyşlanan Aşgabat halkara hepdeliginiň çärelerine gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine gelen Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş Sekretary Kubanyçbek Ömüraliýew bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň başynda R.Meredow Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş Sekretary wezipesine bellenmegi bilen K.Ömüraliýewi gutlady we bu jogapkärçilikli işinde üstünlik arzuw etdi.
Baş Sekretar bir gün öň geçirilen Türkmenistanyň Prezidenti bilen many mazmunly duşuşygy kanagatlanma bilen belläp geçdi.
Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen Türki Döwletleriň Guramasynyň arasyndaky dürli ugurlarynda hyzmatdaşlygy has çuňlaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň bu gurama bilen baglanyşykly birnäçe halkara düzümler, hususan-da Türki Döwletleriň Guramasynyň Parlament Assambleýasy, Türki Söwda-senagat edarasy, Türki medeniýetiniň we mirasynyň Gaznasy bilen hyzmatdaşlygynyň ilerledilmegine gyzyklanma bildirýändigi bellenildi.
Şeýle hem taraplar şu ýylyň noýabr aýynda geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň Sammitiniň netijeleri barada pikir alyşdylar.