«AWAZA» MILLI SYÝAHATÇYLYK ZOLAGYNDA TÜRKMENISTANYŇ, AZERBAÝJANYŇ WE TÜRKIÝÄNIŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ DUŞUŞYGY

Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ýokary derejedäki üçtaraplaýyn gepleşikleriň öň ýanynda, ýagny 2022-nji ýylyň 13-nji dekabrynda geçirilen duşuşygyň dowamynda köptaraplaýyn döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de geljegi barada pikir alyşdylar. Şeýle hem ozal gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilişiniň barşy, ählumumy hem-de sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Bellenilişi ýaly, birinji sammite biziň döwletlerimiz ýeterlik derejedäki uly mümkinçilikleri bilen geldiler. Häzirki wagtda taraplar dürli ugurlardaky ýygjam gatnaşyklaryň netijesinde hyzmatdaşlygy hil taýdan täze, döwrüň anyk ýagdaýlary bilen şertlendirilen derejä çykarmagyň zerurlygyndan ugur alyp, öz gatnaşyklaryny milli hem-de umumy bähbitleriň sazlaşmagynda ýola goýýarlar. 

Şunda syýasy-diplomatik gurallaryň ulanylmagyna möhüm orun berilýär. Şol gurallary, wekiliýetleriň agzalarynyň pikirine görä, işjeňleşdirip hem-de güýçlendirip, duşuşyklara, ilkinji nobatda, daşary işler ministrleriniň derejesindäki duşuşyklara ulgamlaýyn häsiýet berilmelidir. Bu bolsa ýakyn we orta möhletli geljek üçin bilelikdäki çäreleri meýilleşdirmäge mümkinçilik berer.

Şunuň bilen baglylykda, üç ýurduň ykdysadyýetleri üçin strategik ugurlarda gatnaşyklary ösdürmek barada birnäçe netijeli teklipler beýan edildi. Söwda-ykdysadyýet, energetika we ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda hem-de ynsanperwer ugur boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigine aýratyn üns çekildi.

Wekiliýetleriň agzalary üçtaraplaýyn görnüşdäki gepleşikleriň uly ähmiýetini belläp, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň arasyndaky netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin bar bolan uly mümkinçilikleriň durmuşa geçirilmeginiň deňhukuklylyk, ynanyşmak we hoşniýetli erk esasynda ýola goýulýan oňyn gatnaşyklary has-da giňeltmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

Habarlary yzarlaň

Doly ady

E-poçta