TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYGY

Şu gün, 14-nji dekabrda Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongressler merkezinde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň birinji üçtaraplaýyn sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar dürli ugurlar boýunça döwletara gatnaşyklary ösdürdmek barada pikir alyşdylar. Esasan hem söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa we senagat ugurlarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meselelerine üns berdiler. Parlamentara gatnaşyklary ösdürmek söhbetdeşlikde aýratyn orun eýeledi.

Şeýle hem söhebetdeşigiň dowamynda Türki Döwletleriň Guramasynyň çäginde sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmek meselelerine garaldy.

Mundan başga-da duşuşygyň dowamynda kökleri taryhyň münýyllyklaryndan gaýdýan medeni we ruhy gymmatlyklary özünde jemleýän, iki doganlyk halky birleşdirýän däp bolan ynsanperwer gatnaşykar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Habarlary yzarlaň

Doly ady

E-poçta