TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI ÝAPONIÝANYŇ «KAWASAKI HEAVY INDUSTRIES LTD.» KOMPANIÝASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞDY

2022-nji ýylyň 21-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» kompaniýasynyň Prezidenti Tatsuýa Watanabe bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary we özara gatnaşyklaryň netijelligini ýokarlandyrmagyň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Kompaniýanyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bolan gyzyklanmasy bellenildi.

Bu nukdaýnazardan, tarapalar «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» kompaniýasynyň arasynda tebigy gazdan benzin öndürmek üçin ikinji zawody gurmak baradaky gepleşikleriň netijelerini kanagatlanma bilen bellediler.

Habarlary yzarlaň

Doly ady

E-poçta