ÝAPONIÝADA IŞ SAPARY BILEN BOLÝAN TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI KÖP SANLY DUŞUŞYKLARY GEÇIRDI

2022-nji ýylyň 23-nji dekabrynda günüň birinji ýarymynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (JICA) Prezidenti Akihiko Tanaka bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaş ýurtlara ýapon tejribesine esaslanýan amaly bilimleri almaga mümkinçilik berýän JICA-nyň işleýşinde okuw maksatnamalarynyň ähmiýeti barada bellenildi. JICA-nyň okuwlarynyň ykdysadyýet we maliýe, bilim, telekeçilik, tebigy gaz tehnogologiýalary, ulag we logistika hem-de syýahatçylyk ýaly dürli ugurlary boýunça netijeliligini belläp geçdiler.

Mundan başga-da, taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar we halkara hyzmatdaşlygynyň geljekdäki möhüm ornuny bellediler, şeýle hem Türkmenistanda taslamalaryň durmuşa geçirilmegi barada pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Ýaponiýanyň Sanly özgertmeler ministri Taro Kono bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar Ýaponiýanyň sanlylaşdyrma ulgamynda öňdebaryjy tejribesini öwrenmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen tarapy ýurduň saglygy goraýyş ulgamyny sanlylaşdyrmakda ýapon hünärmenleri bilen bilelikdäki hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirdi.

Şol gün Ýaponiýanynyň Ministrler Kabinetinde “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” gepleşikleriniň Daşary işler ministrleriniň 9-njy duşuşygyna gatnaşmak üçin gelen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleri Premýer-ministr Fumio Kişida bilen duşuşdylar.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Ýaponiýa bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň syýasy, söwda-ykdysady ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy barada pikir alyşdylar. Dostluk we özara ynam esasynda hyzmatdaşlygy we özara peýdaly gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrmak baradaky umumy niýetiň we ygrarlylygyň “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” gepleşikleriniň çäginde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň munda beýläk-de ösdürilmegi üçin berk esas boljakdygy nygtaldy.

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy bilen Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministri Ýasutoşi Nişimuranyň arasynda geçirilen duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň strategiki, durnukly we uzak möhletleýin häsiýetli nebit-gaz we gazhimiýa pudaklarynda kärhanalary gurmak üçin üstünlikli durmuşa geçirilýän iri taslamalaryň aydyň mysaly bolup durýar.

Taraplar Türkmenistanda infrastruktura pudagyndaky hyzmatdaşlyk üçin Ýol kartasyny täzelemegiň we täze degişli taslamalar bilen üstüni ýetirmegiň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar.

Mundan başga-da türkmen tarapynyň ýaşyl we wodorod energiýasy boýunça ýapon tejribesini öwrenmäge we bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmäge gönükdirilen häzirki zaman ýokary tehnologiýalar pudaklaryny döretmäge bolan gyzyklanmasy beýan edildi. Şeýle hem, kiçi we orta ýapon kärhanalaryny Türkmenistanda we degişlilikde türkmen kärhanalarynyň Ýaponiýada söwda etmegine üns berildi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň arasynda infrastruktura pudagynda hyzmatdaşlyk boýunça Ähtnama gol çekildi.

Habarlary yzarlaň

Doly ady

E-poçta