TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ DÖWLET GEŇEŞINIŇ PREMÝERI BILEN DUŞUŞYGY

2023-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Kesýan bilen duşuşdy.

Döwlet Baştutanymyz mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Hytaý Halk Respublikasyna ilkinji döwlet saparyna iki ýurduň deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we hoşniýetlilik ýörelgeleri esasynda ýola goýlan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna täze itergi berjek möhüm waka hökmünde garaýandygyny nygtady. Şunda 6-njy ýanwaryň strategik häsiýete eýe bolan uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny görkezýän ýurtlarymyzyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan senesine gabat gelýändigi aýratyn bellenildi.

Geçen döwrüň içinde döwletara gatnaşyklar işjeň ösdürildi we iki dostlukly halkyň bähbidine yzygiderli giňeldilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz 2013-nji ýylyň sentýabrynda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda gol çekilen strategik hyzmatdaşlygy ýola goýmak barada bilelikdäki Jarnamanyň ähmiýetini nygtady. Bu resminama däp bolan hyzmatdaşlygy özara bähbitlere laýyk gelýän hil taýdan täze derejä çykardy.

Li Kesýan belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, Hytaýda Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň şu gezekki saparyna iki halkyň dostlugyny pugtalandyrmakda ädilen möhüm ädim hem-de döwletara gatnaşyklaryň taryhyndaky täze sahypa hökmünde garalýandygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanyň özgertmeler ýolunda gazanýan üstünlikleri Hytaýda uly buýsanç bilen kabul edilýär.

Duşuşygyň dowamynda häzirki döwrüň ýagdaýlaryny we mümkinçiliklerini nazara almak bilen, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly kuwwaty bolan türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň geljegi barada pikir alşyldy. Ýokary derejede gazanylan ähli ylalaşyklaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna we diwersifikasiýalaşdyrylmagyna ýardam berýär. Türkmenistan hem-de Hytaý Halk Respublikasy netijeli syýasy-diplomatik gatnaşyklary ösdürip, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýalar we beýleki birnäçe ulgamlarda işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Şunda Hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-hytaý komitetiniň işine aýratyn orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, hyzmatdaşlygyň ägirt uly kuwwatyny nazara almak bilen, komitetiň nobatdaky mejlisini taýýarlamak we geçirmek teklip edildi.

Duşuşykda hytaý kompaniýalarynyň amatly maýa goýum ýagdaýy döredilen türkmen bazaryna uly gyzyklanma bildirýändikleri bellenildi. Ýurdumyzda bilelikde amala aşyrylan iri infrastruktura taslamalary ikitaraplaýyn işewürlik hyzmatdaşlygynyň netijesidir. Öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak ulgamy hem hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugry hökmünde bellenildi.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň BMG-niň, beýleki abraýly halkara we sebit guramalarynyň çäklerindäki netijeli hyzmatdaşlyk, şol sanda “Merkezi Aziýa — Hytaý” formatyndaky hyzmatdaşlyk bilen üstüniň ýetirilýändigi nygtaldy. Şunda Hytaý Halk Respublikasynyň sebitde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmegiň möhüm şerti bolup çykyş edýän ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesine uly hormat goýýandygy, türkmen tarapynyň döredijilikli başlangyçlaryny doly goldaýandygy bellenildi. Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen iki gezek ykrar edilen Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan borçnamalaryna gyşarnyksyz eýermek bilen, halkara giňişlikde ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hökmünde uly abraý gazandy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Kesýan wagtyň synagyndan geçen döwletara gatnaşyklaryň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp, mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Habarlary yzarlaň

Doly ady

E-poçta