TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI AZIÝA PARLAMENT ASSAMBLEÝASYNYŇ UMUMY MEJLISINE GATNAŞDY
2023-nji ýylyň 8-10-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçirilen Aziýa Parlament Assambleýasynyň (APA) 13-nji umumy mejlisine gatnaşdy.
"Üýtgeýän halkara dinamikasynda köptaraplaýynlygy ösdürmek" temasy bilen geçirilen duşuşyga dünýäniň 27 ýurdundan wekiliýetler gatnaşdy.
Mejlisiň Açylyşynda Aziýa Parlament Assambleýasynyň Baş sekretary Muhammet Reza Majidi, Türkiýäniň Beýik Milli Assambleýasynyň we APA-nyň häzirki başlygy Mustafa Şentop, şeýle hem gatnaşyjy ýurtlaryň parlamentleriniň başlyklary çykyş etdiler.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy Türkmenistanyň halkara giňişliginde energiýa, ulag, ekologiýa we medeni-ynsanperwer diplomatiýa ugurlaryndaky hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýändigini aýtdy.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň parlament diplomatiýasy arkaly parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek babatynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga taýynlygy beýan edildi. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistan parlament dostluk toparlarynyň işini kämilleşdirmek, ýaş parlamentarlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy höweslendirmek, zenan deputatlaryň işjeňligini ýokarlandyrmak we Durnukly ösüş maksatlary durmuşa geçirmek üçin parlament goldawyny ýokarlandyrmak baradaky başlangyçlary we teklipleri bellendi.
Geçen forumyň çäklerinde Syýasy komitetiň, Ýerine ýetiriji komitetiň we APA-nyň hemişelik komitetleriniň mejlisleri geçirildi we olarda parlamentariler komitetleriň gün tertibindäki meseleler boýunça pikir alyşdylar, gurluşlaryň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin teklipler berdiler we kararlaryň taslamasyna garadylar.
Aziýa Parlament Assambleýasynyň mejlisiniň jemleri boýunça jarnama kabul edildi.
Umumy mejlisiň çäginde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Türkiýäniň Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda 13-nji umumy mejlisde netijeli pikir alyşmagyň möhümdigini, şeýle wakalaryň parlament diplomatiýasynyň mümkinçiliklerinden has giňişleýin peýdalanmak nukdaýnazaryndan ähmiýeti nygtaldy.
Dostlukly ýurtlarymyzyň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda parlamentara gepleşikleriň ähmiýeti hem bellendi.
Türkiýe bilen Türkmenistanyň umumy taryhy, dili, dini we medeniýeti bolan iki dogan ýurtdygyny belläp, M.Şentop soňky döwürde biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli ösýändigini beýan etdi. Şunuň bilen baglylykda, bilen ikitaraplaýyn esasda we köptaraplaýyn platformalarda, şol sanda Aziýa Parlament Assambleýasynyň we Türki döwletleriniň Parlament Assambleýasynyň çäklerinde parlamentara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de giňeldilmegini goldady.