TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYSY ÝAŞLARY DIPLOMATIÝANYŇ ÄHLI GÖRNÜŞLERINI IŞJEŇ ÖŇE SÜRMÄGE ÇAGYRDY
2023-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda Türkmenistanda akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarynyň, Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işgärleriniň, Magtymguly adyndaky Türkmenistanyň Ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşiniň wekilleriniň, institutyň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda 2023-nji ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” diýlip yglan edilmegine bagyşlanan çäre guraldy. Bu şygar duşuşygyň mowzugyny, şeýle hem ýaşlara, ukyplaryna we döredijilik güýçlerine bil baglamak bilen Türkmenistanyň ösüşiniň esasy ugruny kesgitledi
Maslahatda diňlenen çykyşlarda ýaşlaryň döwletimiziň geljegini kesgitlemekde, olaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramakda, ýaş nesli watançylyk we ynsanperwer ruhunda terbiýelemekde esasy orny nygtaldy. Şeýle hem ýaşlaryň döwletimiziň jemgyýetçilik, ykdysady, syýasy we medeni durmuşynda ornuny ýokarlandyrmak we ýurdumyzyň ösüşine goşant goşmak üçin ähli zerur mümkinçilikleri döretmek wezipeleri bellendi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow öz çykyşynda türkmen ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygy strategiýasyny işläp düzmegiň wagtynyň gelendigini nygtady. Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysynyň pikiriçe, bu strategiýa hökmany suratda bilim, ylym, medeniýet we sport ýaly ugurlary öz içine almalydyr.
Türkmenistanyň innowasiýa ösüşi nukdaýnazaryndan, ýaşlaryň ylmy we tehniki başlangyçlarynyň ösdürilmeginiň, olaryň işjeňleşdirilmegi, şol sanda beýleki ýurtlaryň ýöriteleşdirilen merkezleriniň, institutlarynyň we barlaghanalarynyň arasyndaky gatnaşyklar derejesinde daşary ýurtly deň-duşlary bilen aragatnaşykda bolmagy höweslendirmek diýseň möhüm wezipe bolup durýar.
Şeýle işleriň görnüşlerinden biri, bilim we pikir alyşmak, dürli ugurlarda bilelikdäki gözleg taslamalary bolup biler. Parlament diplomatiýasynyň we halkara syýasatynyň möhüm meselelerine çözmek işlerine ýaş parlamentarileriň gatnaşmagynyň we täsiriniň maksadalaýykdygy bellendi.
Bu ugurda wajyp ädim, ýaş türkmen parlamentarileriniň daşary ýurtly kärdeşleri bilen bilelikde dostluk toparlaryny döretmek bolup durýar, bu bolsa öz gezeginde parlament we diplomatik däpleri baýlaşdyryp, oňa täze pikirler we başlangyçlar getirer.
Sport diplomatiýasyny ösdürmekde ýaşlaryň öňdebaryjy orun eýeleýändigi şübhesizdir.
Döwrebap ýokary hilli sport infrastrukturasy bolan Türkmenistan, daşary syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde sport diplomatiýasyny ösdürýär.
Bu nukdaýnazardan Türkmenistanda halkara ýaşlar oýunlaryny geçirmek meselesine garamak teklip edildi.
Daşary işler ministri, şeýle hem, ýaş diplomatlarynyň ýurduň daşary syýasatyny durmuşa geçirmäge, Türkmenistanyň döwlet we hökümet wekiliýetleriniň daşary ýurtlara saparlaryna we olaryň çäklerinde geçirilýän gepleşiklere gatnaşmaklaryň maksadalaýykdygyny aýtdy.