TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ITALIÝA RESPUBLIKASYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINI KABUL ETDI

2023-nji ýylyň 11-nji ýanwarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Luiji Ferrarini kabul etdi.

Diplomat döwlet Baştutanymyza Prezident Serjio Mattarellanyň mähirli salamyny hem-de ähli türkmen halkyna bagt, abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, okgunly ösýän, oňyn özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi Italiýanyň daşary syýasat strategiýasyna hem-de tutuş Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň bähbitlerine doly laýyk gelýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekilini bu jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa işinde üstünlikleri arzuw etdi hem-de Italiýa Respublikasynyň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny aýtdy, Türkmenistanyň deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, özara bähbitlilik esasynda guralýan dostlukly gatnaşyklary we döwletara hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda türkmen-italýan gatnaşyklary ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, abraýly halkara guramalaryň, düzümleriň çäklerinde üstünlikli ösdürilýär.

Duşuşygyň çäklerinde gyzyklanma bildirilen pikir alyşmalaryň barşynda Italiýanyň indi köp ýyllaryň dowamynda Ýewropa giňişliginde Türkmenistanyň möhüm söwda hyzmatdaşy bolup durýandygy bellenildi. Netijeliligi bilen tapawutlanýan bu gatnaşyklaryň giňeldilmegine ykdysadyýetiň hususy bölegi uly goşant goşýar. Türkmenistanda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady ösüşiň giň gerimli maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýan italýan kompaniýalarynyň köp ýyllaryň dowamynda alyp barýan işleri munuň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistanyň Prezidenti taraplaryň mümkinçiliklerini has netijeli peýdalanyp boljakdygyny aýtdy hem-de Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny, ýokary tehnologiýaly önümçilikleriň giňden ornaşdyrylmagyny, ýangyç-energetika, ulag, oba hojalyk we dokma senagaty ulgamlarynda iri milli hem-de halkara taslamalaryň durmuşa geçirilmegini hasaba almak bilen, bu mümkinçilikleriň işjeň herekete girizilmelidigini belledi.

Şeýle hem Medeniýet günleriniň, sergileriň, ylmy maslahatlaryň geçirilmegi arkaly türkmen we italýan halklarynyň arasynda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyna üns berildi.

Italiýa Respublikasynyň ilçisi hoşniýetli arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, türkmen-italýan gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de yzygiderli ösdürilmegine ýardam etjekdigine hem-de iki ýurduň we olaryň dostlukly halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýän hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen ugry dowam etdirjekdigine döwlet Baştutanymyzy ynandyrdy.

Habarlary yzarlaň

Doly ady

E-poçta