TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI KATAR DÖWLETINIŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINI KABUL ETDI

2023-nji ýylyň 11-nji ýanwarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hamad bin Raşid bin Hamad Al Azbini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Ilçi döwlet Baştutanymyza Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň mähirli salamyny hem-de türkmen halkyna abadançylyk, rowaçlyk baradaky hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi. Şunda katar tarapynyň Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirýändigi bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekilini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, Katar Döwletiniň Baştutanyna iň gowy arzuwlaryny aýtdy we ýurdumyzyň däp bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga, ony has-da ýokary derejä çykarmaga we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň türkmen-katar hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmagyň ygtybarly binýadyny emele getirýändigini belledi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Ýakyn Gündogar sebitiniň ýurtlaryndan ilkinji bolup şeýle ýokary derejedäki halkara sport ýaryşyny üstünlikli. geçirmegi bilen gutlady.

Türkmenistanyň Doha şäherinde diplomatik wekilhanasynyň açylmagy Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam eder, netijeli, uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga täze itergi berer diýip nygtaldy.

Duşuşygyň çäginde özara gyzyklanma bildirilýän halkara syýasatyň möhüm meselelerine degip geçmek bilen, parahatçylygyň, howpsuzlygyň hem-de ählumumy durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen möhüm başlangyçlaryň we teklipleriň özara goldanylmagynyň ähmiýetini nygtadylar.

Ýangyç-energetika toplumy, söwda, maýa goýumlar, ulag we aragatnaşyk, himiýa, dokma senagaty, oba hojalyk pudagy, saglygy goraýyş hem-de ýokary tehnologiýalar ulgamlary hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi.

Duşuşygyň dowamynda döwletara gatnaşyklaryň wajyp ugry hasaplanýan medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigi nygtaldy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Kataryň Ilçisi öz ýurdunyň Türkmenistandaky doly ygtyýarly wekili hökmünde iki döwletiň we olaryň dostlukly halklarynyň bähbidine laýyk gelýän köpugurly netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine hemmetaraplaýyn ýardam berjekdigine ynandyrdy.

Habarlary yzarlaň

Doly ady

E-poçta