TÜRKMEN-KATAR HYZMATDAŞLYGYNYŇ MÜMKINÇIKLIKLERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2023-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Katar döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hamad bin Raşid bin Hamad Al-Azbi bilen duşuşdy.

Diplomatlar ýokary derejeli saparlaryň ähmiýetini we iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň arasynda yzygiderli syýasy geňeşmeleriň geçirilmeginiň möhümdigini bellediler.

Şeýle hem halkara we sebit guramalarynyň çäginde iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlyga, hukuk binýadyny giňeltmek meselelerine üns berildi.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meselesinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-kataryň hökümetara toparynyň işine uly ähmiýet berildi.

Ýangyç we energetika, maýa goýumlar, ulag we aragatnaşyk, himiýa we dokma senagaty, oba hojalygy we ýokary tehnologiýa ýaly hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary barada pikir alşyldy.

Medeni-ynsanperwer pudagy barada iki dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin möhüm ugurlardan biri hökmünde nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda bilim we sport ulgamlarynda gatnaşyklary ýola goýmagyň, Medeniýet günlerini, bilelikdäki forumlary we sergileri yzygiderli geçirmegiň maksadalaýykdygy bellenildi.

Habarlary yzarlaň

Doly ady

E-poçta