TÜRKMEN-RUS PARLAMENTARA HYZMATDAŞLYGYNYŇ GELJEGI MASLAHATLAŞYLDY
2023-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda paýtagtymyzda iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy W.Wolodiniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda parlamentara hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri, ugurdaş komitetleriň çäklerindäki gatnaşyklar, kanun çykaryjylyk ulgamynda netijeli tejribe alyşmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy şu ýylyň 21-nji ýanwarynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisinde Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek we milli parlamenti bir palataly ulgama öwürmek barada kabul edilen çözgütler bilen tanyşdyryldy.
Mejlisiň Başlygynyň nygtaýşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenildi hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanuny taýdan ykrar edildi. Şunuň bilen baglylykda, degişli kadalaşdyryjy hukuk resminamalary kabul edildi.
Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň deputatlarynyň ygtyýarlyk möhletleri şu ýylyň martynda tamamlanýar. Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçysy rus parlamentarilerini ýurdumyzda geçiriljek nobatdaky parlament saýlawlaryna halkara synçy hökmünde gatnaşmaga çagyrdy. Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Döwlet Dumasynyň Türkmenistanda geçiriljek saýlawlara öz wekilleriniň gatnaşjakdygyny aýtdy.
Soňra Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň öňünde çykyş etdi.
W.Wolodin türkmen kärdeşleriniň öňünde çykyş etmäge döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, rus tarapynyň Türkmenistan bilen strategik häsiýete eýe bolan dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny tassyklady.
Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy çykyşynda parlament gatnaşyklarda döwletara söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna, bilelikdäki taslamalaryň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna ýardam bermegiň möhümdigini belledi. Şeýle-de köptaraplaýyn görnüşdäki hyzmatdaşlygyň ähmiýetine üns çekildi.
Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy çykyşynyň ahyrynda parahatçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk ýörelgeleriniň Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekde ygtybarly binýat bolup durýandygyny nygtady. Şoňa görä-de, parlamentarileriň wezipesi parlamentara gatnaşyklaryň üsti bilen ýurtlarymyzy ýakynlaşdyrmak, ösdürmek hem-de raýatlaryň abadançylygyny, ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak üçin täze mümkinçilikleri döretmekden ybaratdyr.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy G.Mämmedowa Mejlisiň deputatlarynyň adyndan manyly çykyşy üçin myhmana hoşallyk bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygyna hem-de rus kärdeşlerine jogapkärli işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.
Şu gün Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy W.Wolodin saparynyň maksatnamasynyň çäklerinde «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynyň «Baky şöhrat» ýadygärligine gül goýdy hem-de milli gahrymanlarymyzy — Watan goragçylaryny we 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde gurban bolanlary hatyralady.