TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERINIŇ, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINE RESMI SAPARY

11-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Birleşen Arap Emirliklerine ugrady.

Birnäçe sagatdan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň uçary BAE-niň paýtagty Abu-Dabi şäheriniň Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Halkara howa menzilinde gondy. Howa menzilinde Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy Birleşen Arap Emirlikleriniň Adalat ministri Abdullah bin Sultan bin Awad Al Nuaimi we beýleki resmi adamlar garşyladylar.

Saparyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri, hajy Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Abu-Dabi şäherinde ýerleşýän “Şeýh Zaýed” metjidine baryp gördi. Bu metjit dünýäniň iň uly alty metjidiniň biri hasaplanýar.

Bu ýerde hajy Arkadagymyzy metjidiň dolandyryş merkeziniň baş müdiri Ýusef Al Obaidli garşylady. Merhum Prezident Şeýh Zaýed bin Sultan Al Nahaýýanyň metjitdäki aramgähinde Türkmenistanyň müftüsi aýat-töwir okady.

Metjit bilen tanyşlygyň dowamynda hajy Arkadagymyz “Şeýh Zaýed” metjidine mukaddes Gurhany we namazlygy sowgat berdi. Munuň özi iki dostlukly ýurduň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň giňeldilmeginiň maksat edilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.

Metjidiň ýolbaşçylary sowgat üçin hoşallyklaryny beýan edip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa dünýäniň täsin metjitleriniň şekilleri we maglumatlary ýerleşdirilen ajaýyp kitaby sowgat berdiler.

Bu kitapda “Şeýh Zaýed” metjidine hem uly orun berlipdir. Hajy Arkadagymyz sowgat berlen bu kitaby Ahal welaýatynyň şu ýylyň ýanwar aýynda düýbi tutulan baş metjidinde goýmagyň maksadalaýyk boljakdygyny belläp, ony Türkmenistanyň müftüsine gowşurdy.

Günüň ikinji ýarymynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Al Şatiýe” köşgüne bardy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşyk geçirdi.

BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, Gahryman Arkadagymyzyň şu gezekki saparyna we onuň çäklerindäki duşuşyklara ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak babatda uly ähmiýet berilýändigini belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BAE-niň Prezidentine Birleşen Arap Emirliklerine gelmek baradaky çakylygy, mähirli kabul edendigi we myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi.

Gahryman Arkadagymyz BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýana aýalynyň ejesiniň aradan çykandygy zerarly gynanç bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasynda energetika, ýangyç-energetika toplumy, ulag we kommunikasiýalar, ýol üpjünçilik ulgamlary, senagat kooperasiýasy, oba hojalygy, gämigurluşyk, ýokary tehnologiýalar ýaly ugurlarda, şeýle hem möhüm taslamalary durmuşa geçirmekde BAE-niň maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigi bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Arkadagymyz Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýany özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana gelmäge çagyrdy.

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen hem duşuşygy boldy.

Gahryman Arkadagymyz bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden minnetdarlygyny beýan edip, duşuşmaga we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilige şatdygyny aýtdy.

Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan BAE-niň Türkmenistan bilen özara bähbitli, netijeli hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigini belläp, şu gezekki saparyň we onuň çäklerindäki duşuşyklaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine saldamly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary, şol sanda ýangyç-energetika, nebiti gaýtadan işleýän senagat, maýa goýum ulgamlarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Arkadagymyz Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýany maşgalasy bilen islendik amatly wagtda Türkmenistana gelmäge çagyrdy.

Şeýle hem şu gün Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary Abu-Dabiniň ösüş gaznasynyň, «Masdar», Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasynyň we Abu-Dabiniň port kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdiler. Duşuşyklaryň çäklerinde gatnaşyklaryň möhüm meseleleri bilen bir hatarda, maýa goýum, ýangyç-energetika, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, şeýle-de port düzümlerini ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyklaryň çäklerinde “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasynyň (ADNOС) arasynda energetika pudagynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama hem-de Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Abu-Dabiniň Birinji bankynyň (First Abu-Dhabi bank) arasynda korrespondent hasabyny açmagyň we ýöretmegiň şertleri hem-de tertibi hakynda Ylalaşyga gol çekildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine resmi saparynyň jemleri boýunça Bilelikdäki Jarnama kabul edildi.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerine resmi saparyny tamamlap, Abu-Dabiniň Halkara howa menziline tarap ugrady. Birnäçe sagatdan soňra, uçar paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde gondy. 

Habarlary yzarlaň

Doly ady

E-poçta