DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ORUNBASARY ŞWESIÝANYŇ ILÇISINIŇ YNANÇ HATYNYŇ NUSGASYNY KABUL ETDI

2023-nji ýylyň 14-nji fewralynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Şwesiýanyň Türkmenistanda täze bellenen ilçisi (oturýan ýeri Stokgolm ş.) Tomas Danestadyň ynanç hatynyň nusgalaryny kabul etdi.

Duşuşygyň barşynda, taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny şeýle hem halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde özara gatnaşygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Diplomatlar şeýle hem parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhümdigini belläp geçdiler. Şunuň bilen birlikde, özara gatnaşyklaryň täze mehanizmini işläp düzmek ýoly bilen söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň möhümligi nygtaldy.

Duşuşygyň jemlerinde taraplar özara gyzyklanma bildirilýän  köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy dürli ugurlarda mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Habarlary yzarlaň

Doly ady

E-poçta