TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE AWSTRALIÝANYŇ TÄZE BELLENEN ILÇISI BILEN DUŞUŞYK
2023-nji ýylyň 15-nji fewralynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew paýtagtymyza iş sapary bilen gelen Awstraliýanyň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Greým Miham Lesli bilen duşuşdy.
Duşuşygyň barşynda, Awstraliýanyň Ilçisi özüniň ynanç hatynyň nusgalaryny Daşary işler ministrliginiň orunbasaryna gowşurdy. W.Hajiýew Ilçini bu jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlap, oňa ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmek hem-de özgertmek işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Iki döwletiň arasyndaky syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösüşiniň esasy ugurlaryny kesgitlemek maksady bilen, türkmen tarapy üstümizdäki ýylyň dowamynda Türkmenistanyň we Awstraliýanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy maslahatlary geçirmegi teklip etdi.
Söwda-yldysady hyzmatdaşlygy ulgamynda Türkmenistanyň we Awstraliýanyň kompaniýalarynyň hem-de telekeçileriniň arasynda göni gatnaşyklary bilelikde ýola goýmak tekip edildi. Şu maksat bilen, taraplar işewür toparlaryna bazarlaryň kuwwaty bilen tanyş bolmaga hem-de iki döwletiň telekeçileriniň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge mümkinçilik berjek işewürlik maslahatyny guramagy hem-de geçirmegi teklip etdiler.
Şeýle hem diplomatlar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ylym, medeni we ynsanperwer ugurlarynda dowam etdirilmeginiň mümkinçiliklerini nygtap geçdiler.