Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik Wekilhanasynyň ispan dilindäki web-saýty işe girizildi
13-nji aprelde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik Wekilhanasynyň (Nýu-Ýork şäheri) ispan dilindäki resmi web-saýty işe girizildi.
Bu, okyjylara yzygiderli Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk barada ispan dilinde maglumatlary almaga, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň we BMG-niň çäklerinde ýurduň başlangyçlary, şeýle hem Türkmenistan bilen Latyn Amerikanyň we Karib sebiti ýurtlarynyň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşi bilen tanyşmaga ýardam eder.
Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik Wekili Aksoltan Ataýewa şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň Braziliýadaky, Wenesueladaky we Kubadaky Adatdan Daşary we Doly Ygtyýarly Ilçisi bolup durýar.