Türkmenistan we Angola arasynda Birleşen Mileltler Guramasynyň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy

2023-nji ýylyň 13-nji iýunynda Türkmenistanyň Birleşen Mileltler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik Wekili A.Ataýewa, Angola Respublikasynyň BMG-däki hemişelik wekili jenap Kruz Fransisko Joseoze Da bilen, Türkmenistanyň BMG-däki hemişelik wekilhanasynda duşuşdy.

Duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga, şeýle hem halkara guramalarynyň, hususan-da BMG-niň çäginde Türkmenistan bilen Angolanyň arasyndaky özara gatnaşyklar barada konstruktiw pikir alyşma geçirildi.

Habarlary yzarlaň

Doly ady

E-poçta