Türkmenistanyň Hemişelik wekili we BMG Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň saýlanan başlygy (Trinidad we Tobago) diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak barada Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler

2023-nji ýylyň 21-nji iýunynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik Wekilhanasynda Türkmenistan bilen Trinidad we Tobago Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakynda Bilelikdäki Beýannama gol çekildi.

Gol çekişlik dabarasyndan öň Türkmenistanyň BMG-däki Hemişelik Wwekili, ilçi Aksoltan Ataýewa bilen Trinidad we Tobago Respublikasynyň BMG-däki hemişelik wekili jenap Dennis Fransisiň (BMG Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň saýlanan başlygy) arasynda duşuşyk geçirildi. Ilçiler dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge we syýasy, ykdysady we medeni ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge, şeýle hem halkara guramalarynyň, hususan-da Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge berk ygrarlydyklaryny gaýtaladylar. Soňra Ilçiler Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler.

Habarlary yzarlaň

Doly ady

E-poçta