TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ÝUNESKO-NYŇ KLASTER EDARASYNYŇ DIREKTORY BILEN DUŞUŞYK

2018-nji ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Halkara deňiz portunyň dabaraly açylyşyna gatnaşmak maksady bien Aşgabada iş sapary bilen gelen ÝUNESKO-nyň Tähran şäherindäki klaster edarasynyň direktory hanym Ester Kuiş-Laroş bilen duşuşyk geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar hyzmatdaşlagyň ileri tutulýan ugurlary hakynda pikirileri alyşdylar, olaryň hatarynda ylym-bilim we medeniýet ulgamlaryny, dünýä siwilizasiýasynyň ösüşine saldamly goşant goşandygyna şaýatlyk edýän türkmen halkynyň taryhy-arhitektura ýadygärliklerini gorap saklamak ulgamynda özara hereket etmekligi belläp geçdiler.

Taraplar Türkmenistanda 2018-nji ýylyň «Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilmegi mynasybetli bilelikdäki çäreleriň guramaçylyk meselelerine aýratyn üns berdiler. Şeýle hem, häzirki wagtda Türkmenistanyň diňe bir taryhy-medeni gymmatlyklaryny däl-de, eýsem gaýtalanmajak tebigy ýadygärliklerini ÝUNESKO-nyň bütindünýä sanawyna girizmek boýunça işjeň hereketleri dowam edýändigi hem bellenilip geçildi.

Habarlary yzarlaň

Doly ady

E-poçta