Türkmenistanyň Ilçisi Braziliýanyň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy
2015-nji ýylyň 4-nji noýabrynda Brazilia şäheriniň «Planaltu» Köşgünde Türkmenistanyň Braziliýadaky Adatdan Daşary we Doly Ygtyýarly Ilçisi A.Ataýewanyň Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Dilma Russeffe ynanç hatlaryny gowşuryş dabarasy boldy.
Gepleşikleriň dowamynda Braziliýanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa öz mähirli salamyny ýetirmegini sorady we türkmen halkynyň gülläp ösmegini arzuw etdi. Resmi kabul edişligiň dowamynda D.Russeff Türkmenistan bilen Braziliýanyň arasyndaky syýasy gatnaşyklaryň 2015-nji ýyldaky ösüşini bellemek bilen, geljekde hyzmatdaşlygyň öňdebaryjy ugurlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmeklige taýýarlagyny aýan etdi.
Dabaranyň ahyrynda Braziliýanyň Daşary işler ministriniň adyndan resmi kabul edişlik geçirildi.