TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ GATNAŞMAGYNDA GYÝANLYDA GAZHIMIÝA TOPLUMY AÇYLDY
2018-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda ir säher bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow polietileni we polipropileni öndürmek boýunça sebitde iň iri gazhimiýa toplumy bolan polimer zawodynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Gyýanly şäherçesine bardy.
Bu dabara hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň, pudaklaýyn edaralaryň, jemgyýetçilik guramalaryň baştutanlary, Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň we missiýalaryň, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalaryň ýolbaşçylary, milli we halkara KHBS-ň wekilleri gatnaşdylar.
Täze gurluşygyň esasy girelgesiniň öňünde döwlet Baştutany gatnaşyjylaryň şowhunly el çapmalarynyň aslynda simwoliki bagy kesip polimer zawodyny açdy, soňra bolsa binanyň içine girip, ýygnananlaryň öňünde çykyş etdi.
Gyýanlydaky polietileni we polipropileni öndürýän gazhimiýa toplumynyň açylyş dabarasynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow düwmäni basyp, öndürijiligi işe girizdi we kärhananyň tehnologik ýagdaýlary bilen tanyşdy.
Bahasy 3 milliard 400 million ABŞ dollaryna barabar bolan bu uly maýa goýum taslamasy «Türkmengaz» döwlet konserni bilen birlikde «LG International Corp», «Hyundai Engineering» (Koreýa Respublikasy), şeýle hem «TOYO Engineering Corporation» (Ýaponiýa) daşary ýurt kompaniýalary tarapyndan durmuşa geçirildi. Üçtaraplaýyn şertnama Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2013-nji ýylda Ýaponiýa bolan resmi sapary mahalynda gol çekildi.
Täze toplumyň öndürijilik kuwwatlylygy tebigy gazyň ýylda 5 milliard kubometrini gaýtadan işläp, ýylda 386 müň ton ýokary galyňlykdaky polietileni, 81 müň ton polipropileni we başga wajyp önümleri öndürmäge, şeýle hem ýangyç serişdelesi hökmünde gaz turbalar ulgamyna gönükdiriljek 4 milliard 500 milliona golaý kubometr satuw gazyny çykarmaga mümkinçiligi bar.
Bu zawod Ýaponiýada, Koreýa Respublikasynda, ABŞ-da, Beýik Britaniýada, Belgiýada, Germaniýada, Daniýada we Ýewropanyň başga ýurtlarynda öndürilen döwrebap enjamlary bilen üpjün edilendir. Olaryň düzümine gazy düzümlere bölmek, etany gaýtadan işlemek, polietileni we polipropileni öndürmek boýunça esasy dört sany tehnologik desgalary girýär. Hemme tehnologik işleri merkezi dolandyryşyň garamagynda bolup awtomatlaşdyrylan ýagdaýda.
Gyýanlydaky gazhimiýa toplumynyň taslamasy eksport-kredit agentlikleri tarapyndan maliýeleşdirilen 2014-nji ýylyň Ýewropanyň we Ýewraziýanyň iň gowy 10 taslamalarynyň biri hökmünde «TXF» (Beýik Britaniýa) guramasynyň ýörite baýragyna eýe boldy.