TÜRKMENISTANYŇ DIM-INDE KUBA RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Kuba Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Alfredo Niewas Portuondonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň başynda taraplar iki ýurduň BMG-niň çägindäki ýakyn hyzmatdaşlyklaryň ähmiýetleri barada pikir alyşdylar. Türkmenistan bilen Kubanyň BMG-niň çäklerinde biri-biriniň öňe sürýän tekliplerini goldaýandyklary bellenilip geçildi.
Şeýle hem, duşuşygyň dowamynda ýurtlaryň arasyndaky
söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň meselelerine seredildi. Bu ulgamdaky hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen iki ýurduň işewür düzümleriniň arasynda duşuşyklaryny gurnamak teklip edildi.
Mundan başga-da, duşuşyga gatnaşyjylar medeni-ynsanperwer, syýahatçylyk, saglygy goraýyş hem-de sport ulgamlaryndaky gatnaşyklary ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.