ŽENEWADA HZG-NYŇ 144 KONWENSIÝASYNYŇ RATIFISIRLENMEGI HAKYNDAKY RESMINAMANYŇ GOWŞURLYŞ DABARASY GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 9-njy sentýabrynda Ženewada Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan gol çekilen Halkara zähmet guramasynyň Konwensiýasyna, ýagny Halkara zähmet kadalarynyň ulanylmagyna ýardam bermek üçin üçtaraplaýyn geňeşmelere goşulyşmak hakyndaky 144 Konwensiýasyna goşulmak hakyndaky resminamasynyň  HZG-nyň Baş direktory Gaý Raýdere gowşurmak dabarasy geçirildi.

Dabaranyň çäklerinde Türkmenistanyň Ilçisi, Hemişelik wekili Halkara zähmet maslahatynyň 108-nji sessiýasynyň we HZG-nyň 100 ýyllygynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlap, Türkmenistanyň abraýly halkara guramalary, hususan-da Halkara zähmet guramasy bilen işjeň gatnaşyklara ygrarlydygyny belläp geçdi.

Türkmenistanyň we HZG-nyň ysnyşykly hyzmatdaşlygynyň netijesi hökmünde 2018-nji ýylyň oktýabrynda kabul edilen «Durmuş-zähmet gatnaşyklarynyň kadalaşdyrylmagy boýunça üçtaraplaýyn toparyň döredilmegi hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyny görkezmek bolar. Ol HZG-nyň giňişliginde umumy ykrar edilen kadalaryň we düzgünnamalaýyn ýörelgeleriň Türkmenistan tarapyndan milli kanunçylygyna hemmetaraplaýyn ornaşdyrylýandygyna şaýatlyk edýär.   

Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan 2019-njy ýylyň 8-nji iýunynda Halkara zähmet kadalarynyň ulanylmagyna ýardam bermek üçin üçtaraplaýyn geňeşmeler hakyndaky 144 Konwensiýasynyň ratifisirlenmegi, durmuş hyzmatdaşlary bilen gatnaşyklarynyň ilerlemeginiň görnetin hil netijesi hökmünde bellenilip geçilendir. 

Baş direktor G.Raýder soňky ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň Halkara zähmet guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilendigini belläp geçmek bilen, Türkmenistanyň 144 Konwensiýasyny ratifisirlän 149-njy ýurt bolandygyny nygtady.

Türkmen tarapyna HZG-nyň 108-nji sessiýasynyň işine gatnaşandygy üçin minnetdarlyk bildirip, G.Raýder häzirki wagtda durmuş taýdan hyzmatdaşlary bilen gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň kesgitlenilmegi arkaly taraplaryň 2019-2021-nji ýylar üçin Türkmenistanyň we Halkara zähmet guramasynyň arasynda Hyzmatdaşlyk etmegiň maksatnamasynyň taýýarlanylmagy boýunça tagallalaryna ýokary baha berdi. 

Habarlary yzarlaň

Doly ady

E-poçta