AŞGABATDA SPEKA-NYŇ DOLANDYRYJYLAR GEŇEŞINIŇ 14-NJI MEJLISI GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 21-nji noýabrynda “Ýyldyz” myhmanhanasynda, Aşgabatda geçirilýän “SPEKA günleriniň” jemleýji tapgyry bolan, Türkmenistanyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin BMG-niň Maksatnamasynyň (SPEKA) Dolandyryjylar geňeşiniň 14-nji mejlisi geçirildi.

Duşuşyga SPEKA gatnaşyjy döwletleriň, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň hem-de BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman sebiti üçin ykdysady we durmuş komissiýasynyň (ESKATO) wekilleri, şeýle-hem ykdysadyýet we ösüş, söwda we ulag pudaklarynda işleýän hünärmenler gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda şu ýylda SPEKA-nyň çäklerindäki alnyp barylýan işleriň netijelerine seredildi, Iş toparlarynyň hasabatlary ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de hyzmatdaşlygyň geljekki döwür üçin wajyp ugurlary kesgitlenildi.

Gatnaşyjylar Aşgabatdaky “SPEKA günleriniň” ýokary guramaçylyk derejesini nygtap geçdiler hem-de SPEKA sebitinde hyzmatdaşlygyň ýokary basgançaklaryna ýetmek, şol sanda, dünýä ykdysadyýetine goşulmak we Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak maksady bilen serhetara hyzmatdaşlygyny kämilleşdirmek boýunça işleri dowam etmek barada ylalaşdylar.

Habarlary yzarlaň

Doly ady

E-poçta