TÜRKMENISTANYŇ SENAGAT WE GURLUŞYK ÖNÜMÇILIGI MINISTRINIŇ SANKT-PETERBURG ŞÄHERINE SAPARY

Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Serdar Berdimuhamedow 2020-nji ýylyň 18-20-nji fewraly aralygynda Sankt-Peterburg şäherinde boldy.

Saparyň çäklerinde Sankt-Peterburg şäheriniň Gubernatory A.D.Beglow bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagy, şol sanda gurluşyk we senagat ulgamyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi boýunça pikirleri alyşdylar. Gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň Russiýanyň iri senagat, ylym-bilim we medeni merkezleri bilen gatnaşyklaryny işjeň ösdürýändigi bellenilip geçildi. Hyzmatdaşlygyň giň ugry boýunça yzygiderli we netijeli gatnaşyklaryň ösdürilýän sebitleriň biri hem Sankt-Peterburg şäheri bolup durýandyr.

Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Sankt-Peterburgyň birnäçe senagat we gurluşyk kompaniýalarynyň işi bilen tanyş boldy.

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Serdar Berdimuhamedowyň Sankt-Peterburga saparynyň çäklerinde ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.

Habarlary yzarlaň

Doly ady

E-poçta