TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN SAUD ARABYSTANYNYŇ PATYŞASYNYŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI

2020-nji ýylyň 1-nji awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri, Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman Ben Abdelaziz Al Saud bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.

Türkmenistanyň Baştutany we Saud Arabystanynyň Patyşasy ynsanperwerligiň, hoşniýetliligiň hem-de haýyr-sahawatlylygyň nyşany bolan ähli musulmanlar üçin mukaddes Gurban baýramy bilen birek-biregi mähirli gutladylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany bilen gatnaşyklaryň möhümdigini nygtap, türkmen-saud hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belledi. Şol gatnaşyklar taraplaryň üýtgewsiz erk-islegine hem-de netijeli gatnaşyklary ösdürmäge özara islegine daýanýar. Şu jähtden döwlet Baştutanymyz Patyşa Salman Ben Abdelaziz Al Sauda özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmäge şahsy goşandy üçin hoşallyk bildirdi.

Ählumumy dünýä meselelerini ara alyp maslahatlaşmak bilen, Türkmenistanyň Baştutany hem-de Saud Arabystanynyň Patyşasy häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge ylalaşykly çemeleşmäni işläp taýýarlamagyň zerurdygyny bellediler. Halkara ykdysady gatnaşyklaryna oňaýsyz täsir edýän koronawirus pandemiýasy şolaryň biridir.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurtlaryň ählisiniň tagallalarynyň birleşdirilmeginiň hem-de COVID-19 ýokanjynyň öňüni almagyň we oňa garşy göreşmegiň täze usullarynyň işlenip taýýarlanylmagynyň garaşylýan netijeleri gazanmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Iki ýurduň däbe öwrülen özara bähbitli gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklamak bilen, söhbetdeşler iki doganlyk halkyň bähbidine ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Telefon arkaly gepleşigiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman Ben Abdelaziz Al Saud birek-birege saglyk we üstünlik, iki ýurduň halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdiler.

Habarlary yzarlaň

Doly ady

E-poçta