TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN KATAR DÖWLETINIŇ EMIRI HYZMATDAŞLYGYŇ OŇYN GELJEGINI TELEFON ARKALY ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2020-nji ýylyň 29-njy iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al Taniniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Iki döwletiň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, birek-biregi mukaddes Gurban baýramy bilen gutladylar hem-de bu nurana baýramyň bütin dünýäde ösüşi, parahatçylygy dabaralandyrjakdygyna, raýdaşlygy berkitjekdigine ynam bildirdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti we Kataryň Emiri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejä eýedigini kanagatlanma bilen bellediler we gatnaşyklary täze ugurlara çykarmak üçin uly geljegiň bardygyny aýtdylar. Katar Döwletiniň Emirine ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge üns berýändigi hem-de onuň işjeňleşmegine şahsy goşant goşýandygy üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidenti däp bolan döwletara gatnaşyklara Türkmenistanyň ygrarlydygyny we ony mundan beýläk-de ösdürmäge çalyşýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, taraplaryň möhüm we uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmaga, dünýäde iki dostlukly döwletiň eýeleýän ornuny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilen meýillere gyzyklanma bildirýändigi barada nygtaldy.

Şeýle-de telefon arkaly geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda koronawirus pandemiýasy temasyna hem seredildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň bu ugurda täze usullary we çemeleşmeleri işläp taýýarlamakda hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al Tani birek-birege hem-de iki ýurduň halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Habarlary yzarlaň

Doly ady

E-poçta