TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI ÝHHG-NIŇ HOWPSUZLYK MESELELERI BOÝUNÇA KOMITETINIŇ NOBATDAKY MEJLISINDE TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGYNYŇ 25 ÝYLLYGY MYNASYBETLI BEÝANNAMA BILEN ÇYKYŞ ETDI

2020-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) Howpsuzlyk meseleleri boýunça komitetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň resmi wekilleri Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli “Türkmenistanyň bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan howpsuzlyk strategiýasy” atly beýannama bilen çykyş etdi.

Beýannamada, şu ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň halkara jemgyýetçiligi bilen bilelikde Hemişelik Bitaraplyk statusynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň 25 ýyllygyny giňden dabara edýändigini, bu senäniň ýurdumyzyň taryhynda möhüm waka bolup, Hemişelik Bitaraplygyň daşary syýasatymyzyň özenini düzýändigi bellenildi.

Çykyşyň dowamynda Türkmenistanyň häzirki zaman wehimlere garşy strategiki başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin BMG-niň degişli edaralary, şol sanda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi bilen berk hyzmatdaşlygy ýola goýulandygy, 2019-njy ýylyň 6-njy dekabrynda “Zorlukly ekstremizmiň öňüni almak we terrorçylyga garşy hereket etmek boýunça 2020-2024-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň milli strategiýanyň” hem-de “Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2020-2022-nji ýyllar üçin hereketleriň milli meýilnamasynyň” kabul edendigi nygtaldy.

Şeýle-de, beýannamada ýurdumyzyň bitaraplyk ýörelgelerine eýerip, dawalary we jedelleri parahatçylykly we syýasy ýollar arkaly çözmegiň berk tarapdary hökmünde çykyş edýändigi, bu babatda BMG-niň degişli institutlary, ÝB, ÝHHG, GDA we beýleki halkara guramalary hem-de dünýä jemgyýetçiligi bilen hyzmatdaşlygyny ösdürýändigi we howpsuzlyk meselelerini çözmekde halkara tagallalaryna doly ygrarly bolup galýandygy aýdyldy.

Bu babatda Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen 2019-njy ýylyň sentýabr aýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji sessiýasynda «2021-nji ýyl - Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly kararnamanyň kabul edilendigi barada aýratyn nygtaldy.

Habarlary yzarlaň

Doly ady

E-poçta