NOBATDAKY “MERKEZI AZIÝA - KOREÝA RESPUBLIKASY” HYZMATDAŞLYK FORUMYNA TAÝÝARLYK DUŞUŞYGY

2020-nji ýylyň 19-njy noýabrynda Türkmenistanyş Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew ýakyn günlerde geçiriljek 13-nji “Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk Forumyna taýýarlyk görmek boýunça onlaýn duşuşygyna gatnaşdy.

Şeýle-de mejlise Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlary gatnaşdylar. 

Duşuşygyň barşynda nobatdaky Forumyň gün tertibi, şol sanda tematik sessiýalaryň mazmuny barada pikir alşyldy.  Türkmen tarapynyň energetika, durnukly ulag, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary, oba we suw hojalygy, ekologiýa, lukmançylyk we jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamy, medeni-ynsanperwer gatnaşyklar boyunça işjeň gepleşikleriň we iş ýüzündäki hyzmatdaşlygyň ilerledilmegi baradaky gyzyklanmasy beýan edildi.

Taraplar Daşary işler ministrleriniň derejesinde geçiriljek “Merkezi Aziýa Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk Forumynyň netijeli boljakdygyna ynam bildirdiler.

Habarlary yzarlaň

Doly ady

E-poçta