BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASY “BMG-NIŇ MERKEZI AZIÝA ÜÇIN ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA SEBITLEÝIN MERKEZIŇ ORNY”ATLY KARARNAMANY KABUL ETDI

photo

2017-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Türkmenistan tarapyndan teklip edilen “BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin Merkeziň orny” atly kararnamany kabul etdi. Kararnamanyň awtordaşy bolup 57 ýurt çykyş etdi.

Kararnamada Merkeziň sebitiň ýurtlarynyň arasynda umumy ynjalyksyzlyk döredýän soraglary bilen bagly meseleleri çözmek boýunça dialogy berkitmek üçin amala aşyrýan tagallalary oňlanylýar.

Kararnamany Baş Assambleýanyň garamagyna hödürlenende, Merkeziň döredilenine geçen on ýylyň dowamynda ol umumy serişdeleri dolandyrmak boýunça sebitleýin gepleşikleriň geçirilýän ýeri we terrorçylyga, uruşparaz ekstremizme, guramaçylykly jenaýata hem-de adam söwdasyna garşy göreşde hyzmatdaşlyk meýdançasy bolup hyzmat edýär, diýlip bellenildi.

Merkezi Aziýa üçin  öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin merkezi BMG-niň parahatçylyk dörediji hereketiniň özboluşly seýrek düzümi hasaplanýar. Onuň döredilmegi hakyndaky başlangyç sebit we ählumumy derejede parahatçylygy goldamak we howpsuzlygy üpjün etmek hakynda konseptual garaýyşlary bilen yzygiderli çykyş edýän Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir.

Sebit ýurtlarynyň hemmesiniň we soňra Milletler Bileleşigi tarapyndan  biragyzdan goldanylmagy netijesinde BMG-niň Merkezi Aziýa üçin  öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin merkeziniň ştab-kwartirasy 2007-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Aşgabatda dabaraly ýagdaýda açyldy. Merkez öňüni alyş diplomatiýasy, häzirkizaman şertlerdäki ikitaraplaýyn hereketiň işjeň ugurlaryny nazara alýan  ygtyýarlyklary bolan BMG-niň taryhynda ilkinji syýasy missiýasy hasaplanýar.

Habarlary yzarlaň

Doly ady

E-poçta