ÝAŞ HUKUKÇYLARYŇ ARASYNDA HALKARA BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 30-njy martynda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Daşary işler ministrliginiň hem-de ýurdumyzyň hukuk goraýjy edaralarynyň bilelikde gurnamagynda wideoaragatnaşyk ulgamy “Ýaş hukukçylaryň arasynda halkara bäsleşigi” geçirildi.

Bu bäsleşige Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň döwlet we hususy edaralaryndan ýaş hukukçylary gatnaşdylar.

Bäsleşige gatnaşyjylar halkara energetika taslamalarynda halkara hukuk kadalarynyň ulanylyş aýratynlyklary, halkara ekologiýa hukugynyň wajyp meseleleri we döwrebap hukuk çözgütleri, halkara ulag üstaşyr geçelgeleriniň halkara hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegi, şeýle hem halkara arbitraž kazyýetlerinde döwletiň bähbitlerini goramagyň häzirki zaman tejribesi we gelejegi ýaly temalar boýunça öz işleri bilen çykyş etdiler.

Bäsleşigiň ahyrynda ýeňijileri yglan edilip, olaryň arasynda birinji orna Aşgabat şäher Köpetdag etrap prokuraturasyndan Jeýhun Atamuradow we “Hukukçy” Hojalyk jemgyýetinden Myrat Öwezow eýe boldular. Ikinji orna Özbegistan Respublikasyndan hukukçy Asal Juraýewa, Türkmenistanyň Adalat ministrliginden Süleýman Kömekow, üçünji orna bolsa Daşoguz welaýatynyň prokuraturasyndan Ýakup Aşyrow we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden Jennet Nowruzowa eýe boldular.

Habarlary yzarlaň

Doly ady

E-poçta