TÜRKI DILLI DÖWLETLERIŇ HYZMATDAŞLYK GEŇEŞINIŇ SAMMITINDE HOWPSUZLYK, ŞOL SANDA EKOLOGIÝA MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2021-nji 31-nji martynda Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk Geňeşiniň (Türk Geňeşiniň) resmi däl Sammiti geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, özara ynanyşmagy we dostlugy berkitmek, daşary syýasy meseleler boýunça umumy garaýyşlary ösdürmek we häzirki zamanyň umumy howplaryna we wehimlerine garşy göreşmekde hereketleri utgaşdyrmak Türk Geňeşiniň esasy maksatlarynyň arasynda bolup durýar. Bular barada bu duşuşykda jikme-jik gürrüň edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşynda howpsuzlyk meselelerine, şol sanda ekologiýa howpsuzlygyna ünsi çekdi. Ol durnuklylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde umumy tagallalaryň we utgaşykly hereketleriň zerurlygyny nygtady. Ekologiýa meseleleriniň, şol sanda Aral krizisiniň üstünde işlemegiň möhümdigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Baştutany türkmen tarapynyň BMG-niň çäklerinde hereketleri, şol sanda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen “Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň Halkara Gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk” kararnamasy barada aýtdy.

Owgan meseleleri hem agzaldy. Gatnaşyjylar agzalan ugurdaky hyzmatdaşlygy Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Baştutanlarynyň bilelikdäki konsultatiw gurallary arkaly dowam etdirmegi ylalaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti şeýle-de medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy berkitmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Lukmançylyk we ylym babatda hyzmatdaşlygyň ähmiýeti nygtaldy.

Habarlary yzarlaň

Doly ady

E-poçta