“Ýeňiş Sungaty” - Eli dutarly dünýäni keşt eden oglan

Sergeý Bodrow-ulynyň we Halmämmet Kakabaýewiň ssenariýasy boýunça surata düşürilen we 1989-njy ýylda giň ekrana çykan “Ogul” atly kinoşekili diňe bir Türkmenistanda däl-de, eýsem onuň çäklerinden daşda-da uly üstünlige eýe bolýar.

Film Batyr atly oglançyk, onuň uruş ýyllaryna gabat gelen oglanlygy barada gürrüň berýär. Batyryň kakasy, obada belli dutarçy, ol uruşda wepat bolýar. Oglanjyk kakasynyň saz guralyny çalmagy öwrenmegi ýüregine düwýär.

Bu film türkmen jümmüşinde we alysdaky Litwada, Moskwada we Moskwa eteginde surata düşürilýär. Aktýorlar düzümi köpmilletli – filmiň döredilmegine bütin Sowet Soýuzyndan ady belli artistler gatnaşýar. Özbek aktrisasy Tamara Şakirowa ýaş bagşynyň ejesiniň roluny ýerine ýetirýär. Sygan aýalyň roluny oýnamak üçin Moskwadan Anželika Maştakowa çagyrylýar.

Filmiň Türkmenistanda ilkinji görkezilişinden soňra, döredijilik topary daşary ýurt saparlaryna ýola rowana bolýar. Film Hindistanda görkezilýär, ol ýerde Çagalar we ýetginjekler filmleriniň halkara kinofestiwalynda ýaş bagşynyň roluny ýerine ýetirendigi üçin Sahysalyh Baýramowa “Kümüş pili” baýragy gowşurylýar. Film Italiýada, Eýranda we Müsürde görkezilýär. Kair halkara kinofestiwalynda ol “Altyn ährem” baş baýragyna mynasyp bolýar.

Habarlary yzarlaň

Doly ady

E-poçta