TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ADAM HUKUKLARY WE HALKARA YNSANPERWER HUKUGYNYŇ MESELELERI BOÝUNÇA PUDAGARA TOPARYNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 24-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.

Pudagara toparynyň Başlygy, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Pudagara toparyň BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary we degişli halkara guramalary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilýän ulgamlaýyn işiniň aýratyn ähmiýetini belläp geçdi. Ol Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan öňe sürülýän milli kanunçylyk ulgamynyň kämilleşdirilmegine we islendik hukuk bozulmalarynyň öňüniň alynmagyna gönükdirilen başlangyçlaryň derwaýyslygyny nygtady.   

Mejlisiň barşynda Toparyň şu ýylyň birinji ýarymy boýunça ýerine ýetirilen işleriniň jemleri jemlendi, onuň geljekki hereketleriniň esasy wezipeleri we ýurduň döwlet edaralarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň halkara hyzmatdaşlary bilen özara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Halkara zähmet guramasy bilen hyzmatdaşlygyň esasy aýratynlyklaryna hem seredilip geçildi.    

Mejlise gatnaşyjylar adam hukuklary ulgamyndaky milli meýilnamalarynyň we maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişiniň depginine, şeýle-de Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2018-2022-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasynyň durmuşa geçirilişine hem seredip geçdiler.

Pudagara toparynyň ilatyň hukuk biliminiň derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, hususan-da, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde tematiki neşirleriň çap edilmegi arkaly raýatlaryň degişli maglumatlara elýeterliliginiň giňeldilmegine aýratyn üns berýändigi hem nygtaldy.

Habarlary yzarlaň

Doly ady

E-poçta